icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

21 oktýabr 2024

480

Energetika we bilim pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 16-20-nji oktýabry aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanowyň Hytaý Halk Respublikasyna sapary geçirildi.

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň düzüminde ýerleşýän Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini açmak we bilim pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji 18-nji oktýabrynda Lu Ban ussahanasyny döretmek hakynda «Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi.

Saparyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti Sian uniwersitetinde okaýan talyplar bilen duşuşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi