11 noýabr 2024
4360
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň nobatdaky mejlisine (COP29) gatnaşýar
2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Baku şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisi (COP29) öz işinde başlady.
COP29 howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy syýasaty ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm meýdançalaryň biri bolup durýar.
Gatnaşyjy ýurtlar howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we energetika geçişini çaltlaşdyrmak barada pikir alyşarlar.
Bu gezekki mejlisiň gün tertibine laýyklykda, ýurtlar üçin howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini maliýeleşdirmek bilen bagly täze ählumumy maksat kesgitlener.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Başga habarlar
22
Sep
Duşenbede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
Ähli habarlary görmek