icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

22 fewral 2025

766

Astrahan şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Ene diliniň halkara güni mynasybetli konsert geçirildi

2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Ene diliniň halkara güni mynasybetli konsert geçirildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly (Astrahan ş.) G.Ilamanow öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetine we ene dilini goramagyň möhümdigine gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Uniwersitetiň talyplary dürli döredijilik çykyşlaryny öz içine alan maksatnamany hödürlediler: aýdymlar, tanslar we aýdym-saz çykyşlary.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi çäräniň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi. Sergide milli amaly-haşam sungatynyň we döredijiligiň nusgalary, milli egin-eşikler, şaý-sepler, şeýle hem türkmen dilinde çap edilen neşir önümleri görkezildi.

Çäräniň çäklerinde G.Ilamanow bilen uniwersitetiň rektory A.Newalennyýnyň arasynda duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi