icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

15 aprel 2025

965

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýollanan çakylyk haty Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Geňeşçisine gowşuryldy

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Buharest ş.) A.Annaýewiň Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Geňeşçisi Newen Pelikariç bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi 2025-nji ýylyň Türkmenistan üçin örän ähmiýetlidigini belledi, çünki döwletimiz özüniň Bitaraplyk derejesiniň 30-ýyllygyny belleýär. Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra A.Annaýew Newen Pelikariçe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň adyna çakylyk haty gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösüşi hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi