Takmynan, soňky on iki ýylda RECCA özüniň ministrler, akademiki, işewür we ýaşlar guramalary derejesindäki forumlary bilen kem-kemden ösýär, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça öňdebaryjy sebitleýin platforma hökmünde hyzmat etmek bilen syýasy gepleşikler arkaly serhetara ykdysady hyzmatdaşlykda bilelikde hereket etmek, Merkezi, Günorta we Günorta-Günbatar Aziýada söwda we aragatnaşyk, energetika, tebigy serişdeler we işewürlik ýaly ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk üçin ynamy we hereketi berkitmäge hyzmat edýär.
RECCA-nyň 2005-nji ýylda Kabulda, Nýu-Delide, Yslamabatda, Stambulda, Duşanbede we ýene-de 2015-nji ýylyň sentýabrynda Kabulda geçirilen ozalky mejlislerinde ylalaşmak we itergi bermek esasynda ýetilen RECCA-nyň çäklerinde hereket edýän gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek, täze mümkinçilikleri döretmek we biziň sebitimiziň serhetara ykdysady hyzmatdaşlygyny we integrasiýanyň ägirt uly goruny peýdalanmak bize zerurdyr.
Häzirki wagtda Owganystan deňze çykalgasy bolmadyk ýurt bolmak bilen, söwdanyň we üstaşyr geçirmegiň alternatiw ugurlary onuň sebit ýurtlary bilen özara hereketlerinde esasy özeni hasaplanýar. Biz Owganystanyň Merkezi Aziýany Günorta Aziýa bilen we Ýakyn Gündogary Uzak Gündogar bilen birleşdirýän söwda we tranzit merkezi hökmündäki, şol sanda ösüşiň we gülläp ösüşiň hatyrasyna has giň sebitde we onuň daşynda energetika hyzmatdaşlygy ulgamynda gaýtalanmajak geografiki ýerleşişini peýdalanmaga doly taýýar.
“Sebitleýin ykdysady ösüş we durnuklylyk ugrunda: Ýüpek ýoly Owganystanyň üsti bilen” atly RECCA VI mejlisiň strategiýasy şeýle kesgitleýär: “Ýaşaýşa ukyply derwaýys eksport Owganystan üçin girdejiniň ösüşini we saýlamaga mümkinçilik döretdi – ol hem gazyp agtaryş senagaty. Şol bir wagtda az mukdardaky söwda bilen, käbir oba hojalyk önümlerini hasaba almazdan, Owganystana ýakyn perspektiwa bolup durýan esasy nobatda üstaşyr geçirmeke we ykdysadyýete hususy maýa goýumlaryny çekmek – ikisi hem RECCA 2016-nyň ýyllyk gözegçiliginde hödür edilýän ýigrimi sany hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin taslamalaryň we maýa goýumlaryň içinde esasy ugurlary hasaplanýar.
RECCA-nyň taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça täzeçe çemeleşmeleri oňyn netijelere, şol sanda geljekde hususy ulgamy özüne çekmekde, şeýle hem tehniki-ykdysady barlaglary geçirmek we maliýeleşdirmek üçin derwaýys we belli bir wagtyň dowamynda ýerine ýetirilip, makullanan banklar üçin RECCA-nyň taslamalaryny çäklendirmeklige getirdi (bir ýyldan üç ýyla çenli).
Biziň ykrar etmegimizde RECCA VI käbir sebitleýin we sebitara taslamalaryň gatnaşygynda ýetilen, köp zatlary wada berýän ösüş, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň işe girizilmegine hyzmat etjek nusga hasaplanýar; Gyrgyzystandan we Täjigistandan Owganystana we Pakistana Merkezi Aziýa-Günorta Aziýa elektrik geçiriji ugurlaryň ýola goýulmagynyň başlangyç bölegi; Çabaharda Owganystanyň, Eýranyň we Hindistanyň arasynda ulag we üstaşyr boýunça üçtaraplaýyn halkara ylalaşygyna gol çekilmegi; şeýle hem Aziýa halkara demirýol geçirijisi diýip atlandyrylýan Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň arasyndaky üçtaraplaýyn demirýol taslamasynyň gurluşygynyň işe girizilmegi. Mundan başga-da, ýakyn wagtda Kabulda söwda, üstaşyr we ýükleri daşaýyş barada Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda Lazur Ylalaşygyna gol çekmek dabarasy geçiriler.
RECCA 2016-nyň ýyllyk syny, energetika, ulag ulgamy; söwdada we üstaşyr geçirmekde bilelikde hereket etmek; aragatnaşyk; B2B we zähmet goldawy ýaly esasy ulgamlarda biziň işimiziň gün tertibini gysga möhletli we uzak möhletli mümkinçiliklerini düzýän ýigrimi taslamadan ybarat bolan sanawy öz içine alýar.
RECCA-nyň iş topary ýakyn wagtda Kabuldaky hyzmatdaşlarymyz bilen, şeýle hem Aşgabatda we dürli sebitleýin paýtagtlarda ösüşiň we işleriň ýerine ýetirilişiniň inçe ýerlerini, şeýle hem 14-15-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek RECCA-nyň ýedinji mejlisiniň öňýanynda kabul edilmegi möhüm ädimleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça geňeşmeleri geçirip başlar.
Şu ýerde indiki esasy mümkinçilikleri belläsimiz geldi:
Syýasatyň beýleki bir möhüm öňde goýan maksatlarynyň biri hem RECCA we Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň çäklerinde, ECO, SAARC, CAREC, SCO we SPECA we beýleki dürli sebitleýin guramalara biziň goşýan goşandymyz hasaplanýar.