img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
06 aprel 2026
98

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çärelerini geçirdiler

2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygaryna we Bütindünýä Saglyk gününe bagyşlanan sport çärelerini geçirdi.

Çäräniň çäklerinde küşt, şaşka we stoluň üstündäki tennis boýunça ýaryşlar geçirildi. Sport çärelerine Gyrgyz Respublikasynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Bişkekdäki ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Bäsleşigiň çäginde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmeginiň, şeýle hem ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermei üçin ähli şertleriň döredilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada bellenildi.

Çärä gatnaşyjylar sportuň meşhurlygyny ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmagyna we olaryň fiziki we ruhy ösüşine ýardam berýän şeýle ýaryşlaryň geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

***

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu sport çäresi 2026-njy ýylyň şygryna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gurnaldy.

Bäsleşige «Arkadag» futbol klubynyň janköýerler toparynyň agzalary we Türkiýede bilim alýan türkmen talyp ýaşlary gatnaşdy. Bu sport çäresi, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkemegine hem-de talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar sport çäresiniň dowamynda diňe bir ýokary derejeli sport ukyplaryny däl, eýsem toparlyk ruhuny hem görkezdiler. Bäsleşik jemleýji duşuşyk bilen tamamlanyp, oňa gatnaşan tomaşaçylarda täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda ähli gatnaşyjylara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

***

Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy “Saglyk hepdeligini” geçirdi. Bu hepdelik ýaşlaryň we daşary ýurtlardaky watandaşlaryň arasynda işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen birnäçe sport-sagaldyş çärelerini öz içine aldy.

Geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan mini-futbol ýaryşy, Kiýew şäheriniň döwrebap syýahatçylyk ýerleriniň we taryhy seýilgähleriň birinde hem-de Ilçihananyň binasynda ýeňil atletika ýaryşy, agyr atletika we el göreşi (armresliň) boýunça ýaryşlar guraldy. Çäreler intellektual bäsleşikler – Ilçihanada guralan küşt we şaşka ýaryşy bilen tamamlanyp, bu ýaşlaryň sazlaşykly ösüşe ygrarlylygyny, beden işjeňligini we intellektual ösüşi birleşdirýändigini görkezýär.

Çäreler dostluk, özara hormat goýmak we agzybirlik äheňinde geçirildi. Ýaryşlar bäsleşik esasda geçendigine garamazdan, olaryň esasy netijesi agzybirlik ruhuny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesine dowamly höwes döretmek we işjeň durmuş ýörelgesini wagyz etmekden ybarat boldy.

Saglyk hepdeligi, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen dowam edýän şygary astynda geçirilendigi üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýe boldy. Gatnaşyjylar ýylyň şygarynda beýan edilen gymmatlyklaryň - tutanýerliligiň, öňe hereketiň we kämillige ymtylmagyň sportda we intellektual bäsleşiklerde ýaşlary umumy maksatlara birleşdirýändigini bellediler.