Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy H.Subaý bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň maksady «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan taslamalaryny we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda şu ýylyň dekabr aýynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 16-njy mejlisini üstünlikli geçirmek üçin degişli taýýarlyk işlerini görmek boýunça pikir alşyldy.