Türkmenistan Londondaky täze B2B Exchange platformasynyň üsti bilen Britaniýanyň bazarlaryna çykýar
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Londonda, Günbatar London Söwda edarasynyň (West London Chambers of Commerce) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň we Birleşen Patyşalygyň hususy pudagynyň wekillerini birleşdiren köpugurly biznes-missiýa öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan britaniýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde hem-de ýurduň Daşary işler ministrliginiň işjeň goldaw bermeginde guralan bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň milli biznesiň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alyp barýan daşary ykdysady ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 20-siniň wekilleri girdi. Britaniýa tarapyndan hyzmatdaşlyga 40-dan gowrak düzüm, şol sanda Shell, Range Rover, Primark ýaly dünýä derejeli senagat liderleri, şeýle hem abraýly akademik institutlar — Kembridž uniwersiteti we Brunel uniwersiteti gyzyklanma bildirdi.
Resmi açylyş dabarasy Günbatar London Söwda edarasynyň baş direktory Alan Raýdsyň gutlag sözi bilen başlandy. Ol Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň möhümdigini nygtap, britan biznesiniň Merkezi Aziýa bazaryna bolan ýokary gyzyklanmasyny belledi. Şu hepde içinde britan kompaniýalary iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin Türkmenistana sapar guramak mümkinçiligine gararlar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow gutlag sözi bilen çykyş edip, ýurduň hususy pudagyny ösdürmek we türkmen önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Açylyş dabarasyndan soňra hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gysgaça tanyşdyryşlar boldy.
Esasy üns oba hojalyk-azyk pudagyna, dokma senagatyna, bilime, syýahata we gurluşyga gönükdirildi.
Günüň ikinji ýarymynda biznes-missiýanyň gatnaşyjylary üçin tanyşdyryş maksatly gezelençler guraldy. Hepdäniň dowamynda olar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga gönükdirilen B2B duşuşyklarynyň, pudaklaýyn gepleşikleriň we işewürlik saparlarynyň tapgyryna gatnaşarlar.