Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazan şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky ÇYKYŞY
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowa we ähli russiýaly dostlarymyza hem-de kärdeşlerimize «KazanForum — 2026» halkara çärelerine gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik, netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň!
Halkara ykrarnama eýe bolan Kazan forumy her ýyl öz meýdançalarynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan we halkara guramalardan ýokary derejeli wekiliýetleri jemläp, ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleri döredýär.
Şu ýyl hem, ozal bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagtynda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm çäreler geçirilýär. Şolaryň hatarynda Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisini aýratyn bellemek gerek. Biz bu duşuşygy durnukly ösüşi üpjün etmegiň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň, parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň wajyp şerti hökmünde ynsanperwer ulgamdaky köptaraplaýyn dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilik hasaplaýarys.
Häzirki zaman ählumumy özgerişler şertlerinde özboluşlylyk we däp bolan gymmatlyklar esasynda medeni köpdürlüligi gorap saklamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalaryň işi, olaryň durmuş ulgamynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekdäki orny has-da möhümdir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ICESCO-nyň giň we netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, yslam medeniýetiniň beýik siwilizasion binýadyny, onuň ynsanperwer gymmatlyklaryny gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, ylymda, bilimde, medeniýetde gazanylanlary goldamaga hem-de ilerletmäge gönükdirilen abraýly halkara gurama hökmündäki işine ýokary baha berýär.
Ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek, olary dünýä ýurtlarynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak ugrundaky işjeň, guramaçylykly hereketler şu günki günde örän ähmiýetli bolup durýar.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri düzýär. Bu bolsa parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň bitewi we uzak möhletleýin medeni-ynsanperwer strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy şertidir.
Türkmenistan ynsanperwer häsiýetli esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara goşuldy hem-de Milletler Bileleşigi bilen bilelikde olary milli we ählumumy derejede iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda tagalla edýär. Şu nukdaýnazardan, ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň taryhy-medeni, tebigy mirasyny gorap saklamak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Netijede, şu güne çenli Türkmenistanyň çäginde 1 müň 500-den gowrak taryhy we medeni ýadygärlik hasaba alyndy. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň taryhy desgalarynyň, Nusaýyň Parfiýa galalarynyň dünýä siwilizasiýasynyň ajaýyp ýadygärlikleri hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi has-da ähmiýetli wakalardyr.
Ýurdumyzda maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga hem aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda olaryň köpüsi, şol sanda türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizildi. Şu günki günde biz Türkmenistanyň daşary syýasatynda medeni meseleleri işjeň öňe sürýäris, bilim, ylym, sungat we medeniýet ulgamlaryndaky möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen täze başlangyçlary taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýarys.
Şunda eýýäm kemala gelen we köptaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleri hökmünde özüni görkezen taslamalaryň çäklerindäki bilelikdäki işimiziň oňyn tejribesiniň gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigine ynanýarys. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» taslamasyny görkezmek bolar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy biziň ýurtlarymyzyň her birine öz halklarynyň köpasyrlyk medeni gazananlary, däp-dessurlary, ruhy-medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Pursatdan peýdalanyp, men Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny Kazan şäherine 2026-njy ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan ICESCO-nyň işine uly hormat bilen garaýar we bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýar. Biz ICESCO bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, guramanyň ugurdaş başlangyçlaryna gatnaşmaga, dürli ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýäris. 2026-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň ICESCO-da ýurdumyza synçy derejesini bermek baradaky resmi hatynyň iberilmegi biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
Biziň tarapymyzdan bu möhüm halkara düzümiň işine goşulmaga Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli tapgyr hökmünde garalýar. Munuň ýurdumyzyň maksatnamalara yzygiderli we köpugurly görnüşde gatnaşmagy, iň gowy tejribeleri alyşmagy, gurama agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy üçin täze goşmaça meýdançany döretjekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, şu gün siziň garamagyňyza mundan beýläk-de bilelikdäki işimiz üçin döredijilikli itergi we ugur berip biljek birnäçe anyk teklipleri hödürlemek isleýärin.
Birinjiden, taryhy miras.
Türkmenistan yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýär. Diňe bir öwrenmäge we ylmy barlaglara däl-de, eýsem, edebi-publisistik eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň ilerletmäge ünsi jemlemegi maksadalaýyk hasaplaýarys.
Ikinjiden, bilim we magaryf işi.
Biz «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürýäris. Biziň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň jemgyýetçiligini gadymy döwürlerden häzirki wagta çenli yslam şygryýetiniň hem-de filosofik mirasynyň iň gowy eserleri bilen giňden tanyşdyrmak taslamanyň maksady bolar. Liriki we şahyrana pikiriň beýany bolmagy yslam filosofiýasynyň taryhy aýratynlygydyr. Şonuň üçin ilkinji ädim hökmünde musulman dünýäsiniň görnükli şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, filosoflarynyň, şeýle hem özüni yslama, yslam medeni koduna, dünýägaraýşyna degişli hasaplaýan awtorlaryň eserlerini öz içine aljak «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek barada oýlanmagy teklip edýäris.
Üçünjiden, Türkmenistan yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjyny öňe sürýär.
Biz birnäçe döwletlerde, şol sanda Türkmenistanda «akylly» şäherleri döretmegiň döwlet syýasatynyň ugry hökmünde işjeň ösdürilýändiginden ugur alýarys. Şu günki günde «akylly» şäher diýmek — bu intellektiň, döredijiligiň, binagärligiň, medeniýetiň, ylmyň, tehnologiýalaryň, estetikanyň we durmuş bilimleriniň utgaşmasydyr. Ýagny ICESCO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän düşünjelerdir. Şol sebäpli hem hut şu guramanyň mejlisinde «akylly» şäherler diplomatiýasy arkaly yslam ýurtlarynyň arasynda ösüşiň bu geljegi uly ugrunda tejribeleri, bilimleri we meýilnamalary alyşmagyň hyzmatdaşlyk hem-de hünär gurallaryny ýola goýmagy ýerlikli hasaplaýarys. Biziň beýan eden tekliplerimize we pikirlerimize düýpli serediljekdigine umyt edýäris.
Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň parahatçylyk we döredijilik, medeni köpdürlülik, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklamak isleýärin.
Bilimiň, ylmyň we medeniýetiň döwletleri hem-de halklary birleşdirmäge ukyply ählumumy gymmatlyklardygyna ynanýarys.
Türkmenistan mundan beýläk-de siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmäge, özara ynamy, düşünişmegi pugtalandyrmaga öz goşandyny goşmaga, döwletara gatnaşyklarda ynsanperwer taglymlary we gymmatlyklary ilerletmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyr.
ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň netijeleriniň bu maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirýäris.