img
img
img
img
img
img
img
img
20 maý 2026
99

Pekinde Türkmen-hytaý işewürler forumynyň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş çäresi guraldy.

Çärä Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň diplomatlary, Ilçihananyň ýanyndaky Söwda wekilçiliginiň wekilleri, Hytaýyň kärhanalaryny daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň we Hytaý-türkmen medeniýet merkeziniň ýolbaşçylary hem-de iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň açylyşynda çykyş etmek bilen Ilçi P.Durdyýew ýurdumyzyň dürli pudaklaryndaky möhüm maliýe taslamalary, Aşgabatdaky sergide öndürijiler we olaryň önümleri bilen tanyşmagyň hem-de geçirilen gepleşikleriň netijesinde hytaý kärdeşlere öz maýa goýumlary bilen türkmen taslamalaryna gatnaşmaga we eksport-import amallaryny işjeňleşdirmäge çagyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçiriljek çäreler barada maglumat berildi.

Tanyşdyryş çäresinde şeýle hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demonstrasiýa Sebitiniň Dolandyryş Komitetiniň başlygynyň orunbasary Jiao Çou, şäheriniň häkimi Zhou Lin, Hytaýyň kärhanalaryny daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň (CODA) Baş sekretary Jiang Yun, Hytaý–Türkmenistan medeniýet merkeziniň direktory Li Zan çykyş etdiler.

Çykyş edenler Aşgabatda guralan forumyň çäklerinde geçirilen B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklaryň, tematiki mejlisleriň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, işewürlik duşuşyklaryň dowamynda önümçiligi döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça täze taslamalaryň hödürlenendigi we birnäçe ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlyk Ähtnamalaryna gol çekilendigi bellenildi.

Hytaýyň kärhanalaryny daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmen-hytaý işewürler forumyny we sergisini her ýylda yzygiderli geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.