img
10 iýun 2026
81

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystan boýunça mejlisinde çykyş etdi

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Owganystandaky ýagdaý» atly gün tertibi boýunça geçirilen brifinginde çykyş etdi.

Çykyşda Türkmenistanyň Owganystanyň goňşy döwleti hökmünde bu ýurtda ýagdaýyň tiz wagtda durnuklaşmagyna gönüden-göni gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň tutuş sebitiň durnuklylygy we abadançylygy bilen berk baglydygy nygtaldy.

Türkmen tarapy söwda-ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygynyň Owganystanyň uzak möhletleýin durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri sebit taslamalarynyň, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem demir ýol we ulag başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Bu taslamalaryň ilkinji nobatda owgan halkynyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendigi we olaryň haýsydyr bir syýasy güýçleri goldamak nukdaýnazaryndan garalmaly däldigi bellenildi.

Türkmenistan Owganystan boýunça halkara dialogyň, şol sanda Doha prosesiniň dowam etdirilmeginiň möhümdigini tassyklap, Owganystanda hem-de tutuş sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen amaly, deňagramly we geljege gönükdirilen çemeleşmeleri goldaýandygyny beýan etdi.