Türkmenistanyň Astanadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Gazagystan Respublikasynyň Senatlar geňeşiniň agzasy, hormatly aksakal Omurzak Ozganbaýew bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda hormatly aksakal Aşgabat şäherine bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlap, 2024-nji ýylyň 11–13-nji martynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türk döwletleri guramasynyň (TDG) Aksakallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşandygyny belledi.
Omurzak Ozganbaýew geçirilen çäräniň ýokary derejede guralandygyny, türkmen halkynyň däp bolan myhmansöýerligini belläp, Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen duşuşyklaryň türki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga möhüm goşant goşandygyny we onda ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bilen bagly pikir alyşmalar geçirildi.
Duşuşykda şeýle hem 2026-njy ýylyň 23-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynda Gurultaýyň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigi bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet gurluşynyň aýratynlyklaryna garamazdan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gazagystanyň täze döwlet edarasy bolan Halk Geňeşiniň türk halklarynyň gadymy däplerine uzap gidýän umumy taryhy-medeni esaslarynyň bardygyny bellediler. Bu däplerde aksakallar geňeşleri we halk maslahatlary aýratyn ähmiýetli meseleleri çözmekde, jemgyýetçilik jebisligini pugtalandyrmakda hem-de milli gymmatlyklary gorap saklamakda möhüm orun eýeläpdir.
Duşuşygyň ahyrynda Omurzak Ozganbaýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň ýurduň mundan beýläkki ösüşinde, milli jebisligi pugtalandyrmakda we Türkmenistanyň durnukly hem-de yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen strategik wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi.