img
img
img
img
img
img
12 awgust 2026
41

Türkmenistanyň Duşenbedäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Çärä türkmen diasporasynyň wekilleri, professor-mugallymlar, Täjigistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlar hem-de Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylara Halk Maslahatynyň alyp barýan işi, onuň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy ulgamyndaky orny we döwlet ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemekdäki möhüm ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine aýratyn üns çekildi. Mejlisde alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenjekdigi, gazanylan üstünlikleriň seljeriljekdigi we uzak möhletleýin geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenjekdigi bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjy giňişleýin beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu Kararnamanyň başlangyjyny Türkmenistanyň öňe sürendigi we onuň BMG-na agza döwletleriň giň topary tarapyndan goldanylandygy bellenildi.

Maslahatyň ahyrynda medeni çäre geçirildi we onuň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň milli saz guraly bolan dutarda saz eserleri ýerine ýetirildi.