img
27 awgust 2026
62

Türkmenistanyň Ilçisiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktory bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.B. Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktory H.Usmonzoda bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ylmy-barlag ulgamynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem bilermenler derejesindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanan bilelikdäki ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dowamynda Strategiki barlaglar merkezi tarapyndan «Merkezi Aziýa+» formatynda iki sany bilermenler duşuşygy geçirildi. Olara Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilermenler derejesindäki gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.