img
img
img
img
img
img
14 sentýabr 2026
42

Astanada Türkmenistanyň we Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklary birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň başlygy Satybaldy Dauletin bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar işgärleriň zähmet we durmuş-ykdysady hukuklaryny goramak, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek, zähmeti goramak, kärdeşler arkalaşyklarynyň bilimini kämilleşdirmek, şeýle hem tejribe alyşmak ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň möhüm netijeleriniň biri iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi boldy.

Saparyň çäklerinde «Durnukly zähmeti üpjün etmekde durmuş gepleşiklerini we kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuny pugtalandyrmak: Gazagystanyň we Türkmenistanyň tejribesi» atly halkara tegelek stol geçirildi. Oňa iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda sebit derejesinde kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklarynyň Halkara forumynyň, şeýle hem halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe ilerletmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň ähmiýeti bellenildi.

Geçirilen çäreler Türkmenistanyň we Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we bu ugurdaky amaly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.