img
25 sentýabr 2026
42

Türkmenistan YHG-nyň daşary işler ministrleriniň her ýylky utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň her ýylky utgaşdyryjy duşuşygynda çykyş etdi.

Türkmenistan yslam dünýäsinde hyzmatdaşlyga we jebislige uly ähmiýet berýändigini tassyklap, palestinaly halka berilýän goldawy hem-de YHG-nyň doganlyk ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň dowam etdirilýändigini aýratyn belledi.

Şeýle hem çykyşda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyna berlen goldaw üçin YHG-nyň agza döwletlerine hoşallyk bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, bu başlangyjyň BMG-niň Tertipnamasyny, döwletleriň özygtyýarly deňligini, jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýeti nygtaldy.