img
08 oktýabr 2026
54

Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçihanasy tarapyndan Waşington şäherindäki «Anderson-House» muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çärä ABŞ-nyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň, Kongresiň, Döwlet departamentiniň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri, ABŞ-da akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we diplomatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly kabul edişligi açyp, Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň Geňeşçisi, Ilçi Meret Orazow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine ünsi çekdi hem-de konstruktiw halkara hyzmatdaşlygy we Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ähmiýetini nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Mark Kameron gutlag sözi bilen çykyş edip, türkmen tarapyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady.

Çäräniň maksatnamasynda Türkmenistanyň özboluşly medeni mirasyny we häzirki zaman döredijilik üstünliklerini myhmanlara tanyşdyran medeni maksatnama aýratyn orun eýeledi.

Agşamyň dowamynda «Royal East» amerikan kompaniýasynyň ýardamy bilen Türkmenistanyň «Binayim», «Well-yakalar», «Seyran Style» we «Aynur» moda öýleriniň täze kolleksiýalarynyň görkezilişi geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýewiň eserleriniň sergisi guraldy.

Çäräniň aýdym-saz maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň belli kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Suhan Tüýliýewiň we beýleki awtorlaryň fortepiano eserleri ýerine ýetirildi.

Dabaraly çäre kabul edişlik bilen tamamlandy. Onuň dowamynda gatnaşyjylar dostlukly we baýramçylyk ýagdaýynda özara pikir alyşdylar.