img
img
img
img
img
img
24 noýabr 2026
18

Baku şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Azerbaýjanyň döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, ylmy-akademiki we medeni jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow kitabyň mazmuny bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we netijeli halkara dialog ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin durup geçdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda halkara derejede ykrar edilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň möhüm binýady bolup durýandygy hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.

Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk nusgasynyň möhüm halkara meseleleriniň diňe parahatçylykly, syýasy we diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine ýardam berýändigini nygtady. Türkmenistanyň halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işine aýratyn üns berildi.

Çärede çykyş eden Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow Azerbaýjanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigini hem-de parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny belledi. Ol kitabyň azerbaýjan dilinde neşir edilmeginiň giň okyjylar köpçüligine Türkmenistanyň döwlet tejribesi we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýändigini nygtady. Samir Şarifow türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegine hem ünsi çekip, 2026-njy ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Isa Habibbeýli öz çykyşynda kitabyň diňe bir türkmen diplomatiýasynyň taryhyny öwrenmek üçin däl, eýsem türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, medeniýeti we taryhy mirasy bilen tanyşmak üçin hem gymmatly çeşme bolup durýandygyny belledi. Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy çuňňur taryhy köklere eýe bolup, ýurdumyzyň milli däp-dessurlary bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle hem ol kitapda jemgyýetçilik-syýasy we diplomatik meseleler bilen bir hatarda, milli özboluşlylyk, medeni miras, ahlak gymmatlyklary we türkmen halkynyň ruhy däpleri bilen baglanyşykly meseleleriň hem öz beýanyny tapandygyny nygtady. Neşiriň azerbaýjan diline terjime edilmeginiň ähmiýetini aýratyn belläp, Isa Habibbeýli bu kitabyň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türki medeniýeti we mirasy halkara gaznasynyň Prezidenti Aktoty Raimkulowa kitabyň azerbaýjan diline terjime edilmegi we neşir edilmegi boýunça Gaznanyň işjeň gatnaşandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, bu kitabyň neşir edilmegi türki halklaryň arasyndaky taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem bu neşir umumy medeni mirasy gorap saklamak we giňden wagyz etmek ugrunda Gaznanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň giňelýändigini görkezýär.

Çäräniň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlary hem çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda kitabyň azerbaýjan dilinde neşir edilmeginiň Azerbaýjanyň jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň daşary syýasy ugry, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça tejribesi, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy bilen has giňişleýin tanyşmagy üçin ähmiýetlidigini bellediler. Şeýle medeni-ynsanperwer başlangyçlaryň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi, dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.

Geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda möhüm waka bolup, iki ýurduň parahatçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine, şeýle hem dostlukly we doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny aýdyň görkezdi.