icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

27 maý 2023

2138

ÝUNESKO-nyň baş edarasynda Guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi strategiki kararlary kabul etmek we işine gözegçilik etmek üçin guramanyň esasy jogapkär düzümi bolup durýar.

Ýerine ýetiriji geňeşiň bu mejlisinde ÝUNESKO-nyň mandaty we ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly dürli meselelere seredildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň wekilleri, bilermenler we delegatlar, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ýokary ýolbaşçylary gatnaşdy. Iki hepdäniň dowamynda ÝUNESKO üçin möhüm bolan dürli meseleler we onuň medeniýet, bilim we ylym pudagyndaky maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy we karar edildi.

Mejlisde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi gün tertibinde Türkmenistanyň goldawy esasynda we döredijisi hökmünde aşakdaky kararlar tassyklandy:

  • «ÝUNESCO-nyň Assosiirlenen mekdepler ulgamynyň 70 ýyllygy: ösüşiň geljegi»;
  • «Hemmeler üçin welosiped – durnukly we sagdyn ýörelgeleri goldamak başlangyjy»;
  • «Daşkent Jarnamasy we irki ýaşdaky çagalaryň terbiýesini hem-de bilimini özgertmek boýunça çäreleri görmek babatyndaky borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça nobatdaky hereketler»
Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi