22 iýun 2023
5757
Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçisiniň Birleşen Patyşalygynyň Ýewropa işleri boýunça ministri bilen duşuşygy geçirildi
2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçisi Ý.Serýaýew bilen Beýik Britaniýanyň Ýewropa işleri boýunça ministri Leo Dokertiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky parlamentara, söwda-ykdysady, bilim, ynsanperwer we beýleki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça maslahatlaşyldy.
Şeýle-de duşuşykda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dürli ugurlarda uzakmöhletleýin gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Başga habarlar
17
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
08
Oct
Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
03
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek