icon
Türkmençe
Русский
English
2023-nji ýyl - «Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýyly
»
img
img
img
img

07 sentýabr 2023

822

Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi M.Çaryýew Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Fransisko Ribeýru Telles bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary gowşuryldy.

Gepleşigiň başynda Baş sekretar ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we portugal tarapynyň diplomatik işinde ýardam we goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Portugaliýanyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny, şeýle hem halkara guramalarynyň çäginde işjeň hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Söwda we ykdysady ugur hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde bellenildi.

Ilçi, öz gezeginde, söhbetdeşine Türkmenistanyň içerki we daşary syýasaty, ýurtdaky amatly maýa goýum ýagdaýy barada habar berdi we portugal kompaniýalaryny maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Syýasy gepleşikleri güýçlendirmek üçin taraplar ýakyn wagtda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge ylalaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Portugaliýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumyny guramak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet protokol gullugynyň başlygynyň orunbasary Hose Karlos Reis Arsenio bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda ilçi Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň işi we gurluşy bilen tanyşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2023 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi