icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

07 sentýabr 2023

1409

Türkmenistan Sinandali aýdym-saz festiwalyna gatnaşýar

2023-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýada 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwaly geçirilýär.

Sinandali festiwaly dünýäniň dürli künjeklerinden ýerine ýetirijileri, dirižorlary, kompozitorlary, şeýle hem nusgawy aýdym-saz söýüjilerini özüne jemleýär.

Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedowyň çäräniň guramaçylary we oňa gatnaşýan ýaş türkmen sazandalar topary bilen duşuşygy geçirildi.

Ilçi festiwaly gurnaýjylara hoşallygyny bildirdi hem-de häzirkizaman medeni we ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklarynyň türkmen-gruzin döwletara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz böleginiň biri bolup durýandygyny we Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygynda bilelikde işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi