icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

12 sentýabr 2023

1577

Merkezi Aziýa ýurtlary we Koreýa Respublikasy syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Seulda “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariaty, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalary bilen bilelikde syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan tegelek stol gurnady. Duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda syýahatçylyk pudagynyň ösüşi, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda pandemiýadan soňky döwürde syýahatçylyk pudagynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşyldy. “Akylly syýahatçylygyň” üstünlikli tejribesini öwrenmegiň we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni uçar gatnawlarynyň açylmagynyň ähmiýeti hem nygtaldy.

Tegelek stoluň barşynda türkmen tarapy gatnaşyjylary Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdy we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada wideoşekiller görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi