23 sentýabr 2023
4912
Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran konwensiýasynyň çäklerindäki geňeşmelere gatnaşdy
2023-nji ýylyň 21-22-nji sentýabrynda Ženewa şäherinde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) ministrler derejesindäki geňeşmeleri geçirildi.
Duşuşuga hazarýaka döwletleriň – Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri gatnaşdy.
Geňeşmeleriň dowamynda Tähran konwensiýasynyň Sekretariatynyň institusional mehanizmleri, daşky gurşawy goramak boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem duşuşygyň jemleýji resminamasy bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Başga habarlar
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
Ähli habarlary görmek