img
img
img
img
img
img
img
img
03 noýabr 2023
4847

Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

2023-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Daşkentdäki «Özbegistan» Maslahatlar köşgünde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Medeniýet günleriň çäklerinde türkmen halylarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de zergärçilik şaý-sepleriniň sergisi geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Dabara Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň wekilleri, jemgyýetçilik köpçüligi we bu ýurtda ýaşaýan türkmen diasporosynyň wekilleri gatnaşdylar.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginde Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.

31-nji oktýabrda Buhara şäherinde “Arşyň nepisligi-türkmen halysy” atly ylmy-amaly maslahat we Türkmen halysynyň milli muzeýiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Şol gün Buhara şäheriniň Ýaşlar merkezinde geçirilen iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda tamamlandy.