04 noýabr 2018
3928
Astanada GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde GDA-nyň agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Giňişleýin düzümde geçirilen mejlisiň gün tertibinde 15 sany dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi.
Mejlisde 2019-njy ýylda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi Aşgabatda geçirilmegi barada karar edildi.
Başga habarlar
14
Noý
Туркменистан провёл очередную тематическую сессию в рамках COP31
14
Noý
COP31-iň çäklerinde Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň tanyşdyrylyşy boldy
13
Noý
COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi
13
Noý
COP31-iň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary
12
Noý
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Ähli habarlary görmek