Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
21 noýabr 2026
24

“Awaza” toplumynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi.

Mejlis başlanmazdan ozal, oňa gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylary hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilelikde resmi ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra «Awaza» toplumynyň uly mejlisler zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi öz işine başlady.

Mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýurtlaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylyşynyň we halklaryň dostlugynyň mekany bolup durýandygyny nobatdaky gezek subut edendigini aýdyp, şeýle wakalaryň Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde bolup geçmeginiň aýratyn mana eýedigini nygtadylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyşlarynda Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, hususan-da, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça öz ýurtlarynda ýerine ýetirilýän işler, toplanan tejribeler barada gürrüň berdiler.

Olar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän mejlisleriň çäklerinde kabul edilen taryhy çözgütleriň GDA gatnaşyjy döwletleriň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge, sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi bilen türkmen kärdeşlerini gutladylar.

Parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary pursatdan peýdalanyp, Parlamentara Assambleýanyň nobatdaky mejlislerini ýokary derejede geçirmäge, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Gün tertibindäki meseleler ylalaşylandan soňra, şol meseleler boýunça çykyşlara orun berildi.

Bellenilişi ýaly, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler döwrüň möhüm wezipelerini öz içine alýar.

Howpsuzlygy üpjün etmek, emeli aň, sanly tehnologiýalar ulgamyny hukuk taýdan düzgünleşdirmek, durmuş syýasatyny kämilleşdirmek, ýaş nesliň hünär taýdan taýýarlygyny goldamak boýunça taýýarlanylan nusgalyk kanunlar ýurtlarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan nusgalyk kanunçylyk binýady Arkalaşygyň döwletleriniň hukuk ulgamlaryny ýakynlaşdyrmakda, umumy ykdysady we ynsanperwer giňişligi ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär.

Şeýle hem çykyşlarda nobatdaky mejlisiň Türkmenistanyň parlamentiniň taryhynda täze sahypany açandygy bellenildi. Çünki şu günden başlap Türkmenistanyň Mejlisi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine synçy derejesinde ilkinji gezek gatnaşýar.

Ýurdumyzyň Mejlisine Parlamentara Assambleýada synçy derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi döwletimiziň ählumumy daşary syýasy ugruna, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, GDA-nyň çäklerindäki diplomatik gatnaşyklaryna doly laýyk gelýär. 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň esasy işi tamamlanandan soňra, bu ýerde Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň çözgüdi bilen käbir parlamentarileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara Assambleýanyň “Arkalaşyk” ordeni hem-de “Parlament hyzmatdaşlygyny pugtalandyrandygy üçin” diýen medallary, Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň Hormat hatlary gowşuryldy.

* * *

«Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň we degişli komitetleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza sapar bilen gelen GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we agzalary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen parlamentara dostluk toparynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekildi.