19 fewral 2019
4160
Türkmen türgeni gylyçlaşmak boýunça açyk çempionatda altyn medaly eýeledi
2019-njy ýylyň 17-nji fewralynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medala mynasyp boldy.
Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr.
Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Biziň türgenimiz şpagada gylyçlaşmak boýunça geçirilen ýaryşlaryň 10-synda dokuz ýeňiş gazandy hem-de final duşuşykda Özbegistandan bolan garşydaşyny ynamly ýeňdi.
Başga habarlar
08
Sep
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
07
Sep
Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji okuw maslahaty açyldy
07
Sep
Türkmen halkynyň Milli Lideri Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
07
Sep
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
07
Sep
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy geçirildi
Ähli habarlary görmek