2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde «Oguzkent» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Koreýanyň hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşugy açmak bilen bu ýere ýygnanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Bu ýerde nygtalşy ýaly, nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyň döwletleriň arasyndaky dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan özara hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigi gürrüňsizdir.
Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlary üçin döredilen maýa goýum şertleriniň oňyn häsiýetini bellemek bilen koreý wekiliýetiniň agzalary Koreýa Respublikasynyň işewürlik toparlarynyň tiz depginler bilen ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny kesgitlemäge bildirýän gyzyklanamalaryny beýan etdiler.
Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy. Bu ugurda degişli ulgamda taslamalary durmuşa geçirmegiň, has takygy nebiti we gazy gaýtadan işlemek, gazhimiýa önümleriniň önümçiligi, nebithimiýa toplumy üçin hünärmenleriň taýýarlanylmagy boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.
Taraplar şeýle hem ylmy-tehniki we tehnologiki ulgamlaryndaky alyş-çalyşlaryna aýratyn üns bermek bilen, ähmiýetli mümkinçilige eýe bolan işewür hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasy boýunça takyk hereketleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ynsanperwerlik ulgamynda özara hereketleriň möhümligini belläp geçmek bilen, çärä gatnaşanlar bilim we ylym, saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem iki döwletiň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikirleri alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda dostlukly ýurduň wekiliýet agzalary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Hökümet agzalaryna görkezen myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdiler we gazanylan ylalaşyklaryň eýýäm ýakyn wagtda iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine we Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, özarabähbitli gatnaşyklaryň geljekde hem işjeňleşdirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.