24 aprel 2019
3506
DÖM ulgamynda Meýletin milli synyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi
2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň barşynda Meýletin milli synyň taslamasynyň esasy aýratynlyklary, şol sanda dizaýny, grafikasy we statistiki maglumatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, BMG-niň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
BMG-niň ştab-kwartirasynda 2019-njy ýylyň iýulynda geçiriljek Syýasy Forumyň barşynda DÖM ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyna garaljakdygyny bellemek zerurdyr.
Başga habarlar
15
Sep
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14
Sep
Moldowa Respublikasynyň Mejlisiniň agzasy, Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk barada
14
Sep
Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi
12
Sep
Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak we kesgitlemek boýunça ikinji sebitara konsultatiw duşuşyk
12
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministrini kabul etdi
Ähli habarlary görmek