2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan ählihalk dabarasy – Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçdi. Aşgabatda geçirilen dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralary çäreleriň ençemesi geçirildi.
Köpsanly ýurtlardan myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler, olaryň arasynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşky gurşawy goramak we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleýiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Katar Döwletiniň Emiriniň dogany Şeýh Tani bin Hamad Al Taniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça Ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Patyşalyk atçylyk we at ýaryşlary federasiýasynyň prezidenti Şeýh Faýsal Bin Raşid Bin Isa Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisiniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiniň ýolbaşçysy, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, müňlerçe türkmenistanlylar, şeýle hem daşary ýurtly alymlar we atşynaslar, işewürler we žurnalistler Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýygnandylar, çäräniň geçirilýän wagtynda ol ähmiýetli çäreleriň ägrit uly sahna meýdançasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelýär, bu ýere ýygnanlar Döwlet Baştutanymyzy el çarpyşmalar bilen garşy alýarlar. Bu ýere gelenler bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli öwüşginli bezelen toplumyň içine geçýär. Ähli ýerde türkmen toýunyň-dabarasynyň şüweleňi dowam edýär, aýdym we sazlar ýaňlanýar, paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň görnükli döredijilik toparlary, şeýle hem ýaş türgenler öz çykyşlaryny görkezdiler.
Bu ýere ýygnanlaryň öňünde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Galkynyş» toparynyň jigitleri çykyş etdiler, olar çylşyrymly we täsirli çykyşlary bilen tomaşaçylary haýrana goýdular. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylygyň dowamy hökmünde däp bolan at çapyşyklary geçirildi.
At çapyşyklarynyň jemleri boýunça Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen ýaryşlarda ýeňiji bolanlara baýraklar gowşuryldy.