29 aprel 2019
3221
Türkmenistanyň DIM-de Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuku Murjikneli bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag, energetika we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berip, gruzin diplomaty Gruziýanyň bu taslamany ösdürmek işine işjeň gatnaşýandygyny belledi.
Başga habarlar
16
Jul
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy
15
Jul
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
15
Jul
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
15
Jul
Türkmenistan Ýokary derejeli syýasy forumda: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleri tizleşdirmek
14
Jul
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
Ähli habarlary görmek