icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 maý 2019

1052

Duşanbede «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň şäher rezidensiýasynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisi geçirildi.

Mejlise Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew dagylar gatnaşdylar. Şeýle hem mejlisiň hormatly myhmany hökmünde oňa Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Salahuddin Rabbani gatnaşdy. 

Mälim bolşy ýaly, 2004-nji ýylda Ýaponiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň täze formatyny, ýagny Ýaponiýanyň sebitiň ýurtlary bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny has hem giňeltmek we pugtalandyrmak, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogyny öňe sürdi.  

Geçen ýyllaryň dowamynda Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky iş ýüzündäki özarahereketleri hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmakda Dialog özüni ygtybarly hem-de hakyky platforma hökmünde tanatdy.

Mejlisiň barşynda taraplar syýahatçylyk, söwda, maýa goýumlar, ösüş we sebitleýin howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça gatnaşyjy-ýurtlaryň wekiliýetleriniň başlyklary «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi