03 iýul 2019
3763
Türkmenistan BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Geňeşiniň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy
2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Şweýsariýa Kondeferasiýasynyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) esasy dolandyryjy düzüm birligi bolan Söwda we ösüş boýunça Geňeşiniň nobatdaky 66-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu Geňeşiň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy.
Türkmenistan bu Geňeşiň 157-nji döwleti bolup, onuň «A» toparynyň sanawyna girizildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň ýokary edarasy Konferensiýa bolup, ol öz işiniň maksatnamasy bilen baglylykdaky meseleleri çözmegiň esasy ugurlaryny anyklamak üçin ministrler derejesindäki dört ýyldan bir gezek çagyrylýan sessiýany geçirýär.
Başga habarlar
21
Aug
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
20
Aug
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler
18
Aug
Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly bilen duşuşyk geçirildi
17
Aug
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
17
Aug
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary
Ähli habarlary görmek