2019-njy ýylyň 29-njy iýunyndademirgazyk-gündogar Jilin (Çançun şäheri) welaýatynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Açylyş dabarasyna Hytaýyň Milli Täjirçilik we Ösüş Maslahatynyň ýolbaşçysy, jenap Lanjun hem-de Jilin welaýatynyň dürli derejeli partiýa we hojalyk ýolbaşçylary, çykyşlary gurnaýjy“Jilin Shengshi Totem Horse Calche Co. Ltd” kompaniýanyň ýolbaşçylary, telekeçiler Federasiýasynyň wekilleri, suratkeşler, sungat işgärleri, daşary işler kanselýariýasynyň işgärleri, söwda departamentiniň we Jilin welaýatynyň beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri, şeýle hem Çangçun şäherinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar Ahalteke bedewleriniň görkezilişine we türkmen jigitleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler.
1-nji iýulda Hytaýyň belli suratkeşi Li Furongyň türkmen bedewlerine bagyşlanan sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Sergide Ahalteke bedewleriň 50-den gowrak sungat eserleri we kalligrafik görnüşde ýazylan meşhur pikirler ýerleşdirildi.