11 oktýabr 2019
2641
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Premýer-ministr N.Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky Ermenistan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Saparyň çäklerinde Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlary barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurlygy barada nygtaldy. Taraplar şeýle-de GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler.
Başga habarlar
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
22
Oct
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
21
Oct
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
21
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
21
Oct
«Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi
Ähli habarlary görmek