07 mart 2020
3856
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar
2020-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Daşary işler ministri R.Meredow Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň Türkmenistanda işleýän ähli zenan ýolbaşçylaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady we olaryň sowgatlaryny gowşurdy hem-de olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we jogapkärçilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, öz gezeginde, gyzgyn gutlaglary hem-de özlerine bildirilýän uly üns üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine minnetdarlyk bildirdiler.
Başga habarlar
21
Noý
“Awaza” toplumynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi
20
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
20
Noý
Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek