16 iýul 2020
3507
Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we Ç.Aýdarbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Taraplar sebitde durnukly ösüşi saklamak, asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Global koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde utgaşykly çäreleriň wajyplygy bellenildi.
Başga habarlar
27
Jul
KHBS üçin maglumat
25
Jul
Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
25
Jul
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Halkara hukugynyň ýyly, 2028» atly Kararnamany kabul etdi
24
Jul
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24
Jul
Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Ähli habarlary görmek