20 dekabr 2020
3105
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
2020-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we M.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler
Taraplar sebitde durnukly ösüşi saklamak, asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Başga habarlar
27
Jun
Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy
26
Jun
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
26
Jun
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy
26
Jun
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti HHR-iň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy
26
Jun
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen gepleşikler
Ähli habarlary görmek