Baş sahypa / Habarlar
img
18 awgust 2021
4023

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler.

Şunlukda ilçihananyň we konsullyklaryň binalarynyň daş-töweregi «Таliban» hereketiniň wekilleri tarapyndan goralýar.

Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hereket etmeginiň adaty tertibine laýyklykda öz üstlerine ýüklenilen wezipelerini doly göwrümde ýerine ýetirýärler.

Diplomatik wekilhananyň hem-de konsullyk edaralarynyň işgär sanynyň azaldylmagy ýa-da hünärmenleriň bölekleýin ýurtdan çykarylmagy amala aşyrylmady.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy