18 awgust 2021
6293
KHBS üçin habar
Şu gün, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi.
Geçirilen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan guramaçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygynyň häzirki wagtda we uzakmöhletleýin geljekde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi.
Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy
Başga habarlar
21
Noý
“Awaza” toplumynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi
20
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
20
Noý
Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek