26 awgust 2021
5215
Türkmenistan Owganystanyň sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmegini dowam edýär
Şu gün, 26-njy awgustda Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça 500 kW ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirilmeginiň işjeň tapgyrynda alnyp barylýar.
Başga habarlar
29
Jul
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
29
Jul
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29
Jul
Ankarada Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň DIM-iň arasyndaky syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
28
Jul
Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
28
Jul
Türkmenistanyň we Täze Zelandiýanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi
Ähli habarlary görmek