26 awgust 2021
6144
Türkmen-owgan serhedindäki GGN-larynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär
Şu gün, 26-njy awgustda Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär.
Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär.
Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär.
Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owganystana eksport edilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny arzanladandygyny hem bellemek zerurdyr.
Başga habarlar
24
Oct
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
24
Oct
Aşgabatda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi
23
Oct
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
23
Oct
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Ähli habarlary görmek