03 sentýabr 2021
4202
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň DIM-leri Owganystan boýunça ynsanperwer özara hereketleriň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň ýanyndaky Günorta Aziýa ýurtlary we Arkalaşyk boýunça Döwlet ministri Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly gepleşigini geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibine degişli pikirler alyşyldy. Owganystan boýunça ynsanperwer häsiýetli meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.
Başga habarlar
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
24
Sep
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
21
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ähli habarlary görmek