07 sentýabr 2021
3706
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi döwlet edaralarynyň wekilleriniň pandemiýa döwründe jemgyýetçilik we KHBS bilen özara hereketleri boýunça okuw maslahaty geçirýär
7-nji sentýabrda pandemiýa döwründe we saglygy goraýyş bilen bagly bolan adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik we habar beriş serişdeleri bilen netijeli özara hereket etmekleri boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahatyna badalga berildi.
Gyrgyzystandan we Ysraýyldan bolan halkara bilermenler döwlet edaralarynyň KHBS wekilleri bilen işjeň özara gatnaşyklarynyň guralmagy boýunça öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler.
Okuwa gatnaşýan Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň media-gulluklarynyň wekilleri Hökümetiň, raýat jemgyýetiniň hem-de KHBS ulgamynda işleýän guramalaryň ilaty öz wagtynda we hemmetaraplaýyn habarly etmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikirleri alyşdylar.
Başga habarlar
19
Mar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen gepleşikleri
19
Mar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «CNPC-niň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy
19
Mar
Pekinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi
18
Mar
BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi
18
Mar
Türkmenistanyň DIM-nde Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ähli habarlary görmek