12 aprel 2024
7028
Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi.
Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar.
Şeýlelik bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda saýlanandan soň agzalan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ýerine ýetirýän wezipelerini dowam etdirer.
Başga habarlar
25
Noý
Türkmen wekiliýetiniň döwlet maliýe gözegçiligi ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen Italiýa Respublikasyna iş sapary
25
Noý
Türkmenistanyň DIM-de Belarus Respublikasynyň Premyer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
24
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
24
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi
24
Noý
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
Ähli habarlary görmek