12 aprel 2024
6798
Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi.
Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar.
Şeýlelik bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda saýlanandan soň agzalan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ýerine ýetirýän wezipelerini dowam etdirer.
Başga habarlar
29
Okt
Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy
29
Okt
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna gatnaşdy
29
Okt
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekiliýeti Pusan şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammitine gatnaşdy
29
Okt
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Parlamentiniň iki palatasynyň başlyklary bilen duşuşyklary geçirdi
28
Okt
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Ähli habarlary görmek