icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 iýul 2024

1923

Türkmenistanyň we ADNOC-yň wekilleri gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar

2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaberiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi we Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan halkara energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ADNOC kompaniýasynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere degilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyldan başlap, ADNOC halkara kadalaryna we gaz pudagynda işleri alyp barmagyň tejribesine laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklaýar.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça  türkmen we emirlikler taraplary özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak we durmuşa geçirilýän taslamalar bilen baglanyşykly aýry-aýry ykdysady we tehnologiki jähtlere garamak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi