2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaberiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi we Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan halkara energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ADNOC kompaniýasynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere degilip geçildi.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyldan başlap, ADNOC halkara kadalaryna we gaz pudagynda işleri alyp barmagyň tejribesine laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklaýar.
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen we emirlikler taraplary özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak we durmuşa geçirilýän taslamalar bilen baglanyşykly aýry-aýry ykdysady we tehnologiki jähtlere garamak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar.