01 noýabr 2024
5652
Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary, Parlamentiň agzasy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary, Parlamentiň agzasy Stiwen Doutiniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy akaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Durmuş pudagy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan diplomatlar medeniýet we bilim, hususan-da Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmek babatynda oňyn hyzmatdaşlygy tassykladylar.
Başga habarlar
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
24
Sep
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Ähli habarlary görmek